Belarus kompaniýalary türkmen bazaryna çykmaga taýýarlyk görýärler

BT
Belarus kompaniýalary türkmen bazaryna çykmaga taýýarlyk görýärler
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 14-20-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: "Belşina")

Belarus Respublikasynyň işewür toparynyň şu ýylyň 14–20-nji marty aralygynda Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde belarus kompaniýalarynyň türkmen bazaryna çykmagy üçin görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň habar bermegine görä, saparyň maksatnamasynyň çäklerinde belarus işewür toparlarynyň wekiliýeti türkmen telekeçileri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen B2B duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar göni üpjünçilik mümkinçiliklerini we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Belarus Respublikasynda öndürilýän şöhlat önümlerini türkmen bazaryna getirmek boýunça deslapky ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem türkmen miwelerini we gök önümlerini import etmek meseleleri we bank ulgamyna Belarus Respublikasynyň IT çözgütlerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Saparyň çäklerinde wekiliýet Aşgabat dokma toplumynyň alyp barýan işi bilen tanyşdy we türkmen telekeçileriniň kärhanalaryna baryp gördi. Şeýle-de Belarus Respublikasynyň işewür topary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli  geçirilen IFT 2026 forumyna gatnaşdy.

Mundan başga-da, belarus wekiliýeti ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurny bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi. Taraplar sebitde iş alyp barmak üçin möhüm bolan hukuk meselelerini, logistika we hasaplaşyk şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Belşina” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň habar bermegine görä, iş saparynyň dowamynda Belarus teker önümlerini türkmen bazaryna ibermek barada hem ylalaşyga gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС