Orta geçelge, şeýle hem Transhazar söwda geçelgesi hökmünde tanalýan bu ugur maýa goýumlaryň infrastruktura gönükdirilmegi we gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi şertinde Ýewraziýanyň içinde hem-de onuň sebitleriniň arasynda söwdany düýpli özgertmäge ukyplydyr. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ykdysady, energetika we işewürlik meseleleri boýunça kömekçisi Kaleb Orr “Trend” neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Kaleb Orruň bellemegine görä, Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Kawkazyň üsti bilen geçýän bu ugur sebiti ABŞ-nyň we Ýewropanyň bazarlary bilen gönüden-göni baglanyşdyrýar. Amerikan wekili Transhazar söwda geçelgesiniň doly derejede işlemegi üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýükleriň, maglumatlaryň we energetika serişdeleriniň howpsuz geçirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Bu ugryň mümkinçiliklerini ösdürmek meselesi 2025-nji ýylyň noýabrynda geçirilen C5+1 formatynyň döredilmeginiň on ýyllygyna bagyşlanan sammitde ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi. Şonda Merkezi Aziýanyň bäş döwleti we ABŞ sebitleýin baglanyşyklylygy hem-de logistika durnuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleri güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
Kaleb Orr üstaşyr we logistika ulgamyna, strategik taýdan möhüm mineral serişdelerine, oba hojalyk, senagat toplumyna hem-de sanly infrastruktura goýuljak maýa goýumlaryň amerikan işewürligi üçin goşmaça mümkinçilikleri döredjekdigini, şol bir wagtda ugur boýunça daşalýan harytlaryň we strategik serişdeleriň möçberini artdyrjakdygyny belledi.
Orta geçelge adaty Demirgazyk we Günorta ugurlaryna alternatiw bolup çykyş edýär. Ugur Hytaýdan başlanýar we Gazagystanyň, Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň çäginden geçýär. Soňra Hazar deňzini, Azerbaýjany, Gruziýany we Türkiýäni kesip geçip, Ýewropa bazarlaryna çykalgany üpjün edýär. Onuň esasy artykmaçlygy deňiz ýollary bilen deňeşdirilende ýoluň gysgalmagy we halkara ulag zynjyrlarynyň diwersifikasiýasy hasaplanýar.


















