Türkmenistanyň daşary söwda ýük dolanşygynyň we üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi yzygiderli ýokarlanyp, 2025-nji ýylda Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş nokatlaryndan geçirilen ýükleriň möçberi 20 million tonna deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullygynyň penşenbe güni habar bermegine görä, üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 million tonnadan gowrak bolup, 2024-nji ýyla görä 28 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň çäginden 108 sany döwlete üstaşyr ýükler geçirildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary söwda we üstaşyr ýük daşamalarynyň 43 göterimi awtomobil ulaglary, 27 göterimi demir ýol ulag serişdeleri, 28 göterimi deňiz gämisi we 2 göterimi howa gämisi arkaly amala aşyryldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni ýurtdan eksport edilýän azyk önümleriniň möçberiniň 2025-nji ýylda 30 göterim ýokarlanandygyny habar beripdi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, gümrük meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän, şeýle hem işleri bilen baglanyşykly kontrabanda we beýleki jenaýatlara, dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalaryna garşy göreşi amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.


















