Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň gaýtadan saýlanylan Premýer-ministrini gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň gaýtadan saýlanylan Premýer-ministrini gutlady
Wekiller palatasynda Sanae Takaitiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanmagyndan soňky pursat, 2026-njy ýylyň 18-nji fewraly, Ýaponiýa (Surat: "Kyodo News")

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hatynda Tokio şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, ýola goýlan ynanyşmak dialogynyň esasynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklerini bilelikde ulanmaga taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýaponiýanyň “Kyodo News” neşiriniň habar bermegine görä, Liberal-demokratik partiýanyň lideri Sanae Takaiti çarşenbe güni Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy. Ýaponiýanyň parlamentiniň aşaky palatasynda geçirilen saýlawlarda Sanae Takaitä 354 sany deputat ses berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022