“LC Waikiki”, “Colins”, “Tвое” Türkmenbaşy jins toplumy bilen hyzmatdaşlyk edýär

BT
“LC Waikiki”, “Colins”, “Tвое” Türkmenbaşy jins toplumy bilen hyzmatdaşlyk edýär
Türkmenbaşy jins toplumynda öndürilýän önümler

Türkmenbaşy jins toplumy kuwwatly önümçilik merkezi bolup, ol “FunDay”, “LC Waikiki”, “Colins” we “Tвое” ýaly belli halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Zara”, “Wrangler”, “Lee”, “Montana”we “Denigma”ýaly dünýä belli haryt nyşanly önümleri Türkmenistanyň fabriklerinde ygtyýarnama esasynda öndürilmegi ýerli önümçiligiň hiline bolan uly ynamyň subutnamasydyr. “Bedew Jeans” haryt nyşanly jins önümleri Russiýa, Türkiýä, ABŞ-a, Gazagystana we Ýewropanyň hem-de Aziýanyň beýleki döwletlerine eksport edilýär.

Jins harytlary uzak möhletleýinliligi, oňaýlylygy we häzirki zaman meýillerine uýgunlaşýandygy sebäpli häzirki zaman geýimleriniň esasyny düzýär. 2025 – 2026-njy ýyllaryň möwsüminde “Bedew Jeans” haryt nyşanly önümler has döwrebap nusgalara – giň “beggi” görnüşlerine, aşagy giňeýän (klýoş) we wintaž dizaýnlara aýratyn üns berýär.

“Bedew Jeans” haryt nyşanly önümleri Ýewropanyň we Ýaponiýanyň kämil enjamlarynda öndürilýär we halkara standartlaryna doly laýyk gelýär. Önümçilikde ýüz göterim tebigy pagta ýa-da bedene gowy oturmagy üçin düzümine laýkra goşulan denim ulanylýar. Her bir önüm özüniň berkligi bilen tapawutlanýar we yzygiderli hil barlaglaryndan geçirilýär.

Şu günki “Bedew Jeans” haryt nyşanly täze önümleriň hatarynda dürli biçüwdäki erkek adamlar üçin jins balaklary, nusgawy jins kurtkalary, şeýle hem içi sütükli ýyly ýeňsizler bar.

Türkmenbaşy jins toplumy tapgyrlaýyn guruldy. 1995-nji ýylda reňk beriji we dokmaçylyk fabrikleri işe girizilen bolsa, 1997-nji ýylda egirme we tikinçilik fabrikleri ulanyşa berildi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС