Gurbanguly Berdimuhamedow: Transhazar gaz geçirijisi yklymda energetika howpsuzlygyny gazanmakda möhümdir

Gurbanguly Berdimuhamedow: Transhazar gaz geçirijisi yklymda energetika howpsuzlygyny gazanmakda möhümdir
Kenarýaka sebitlerinden geçýän deňiz turba geçirijisi (Surat: caspianbarrel.org)

Aşgabat Transhazar gaz geçiriji taslamany energetika akymyny diwersifikasiýa etmegiň hem-de yklymda energetika howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýtmagyna görä, Türkmenistan Transhazar gaz geçiriji taslamasyna çynlakaý, ünsli we oňyn garaýar. “Şol bir wagtda halkara-hukuk häsiýetli, ylaýta-da Hazar deňziniň düýbüni delimitasiýa etmek meselesini çözmek zerurdyr. Birnäçe wagt mundan ozal bu mesele bilen meşgullanmak üçin türkmen-azerbaýjan Iş topary döredildi. Bu toparyň işiniň amaly taýdan gowy netijeleri berjekdigine umyt edýäris” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýurduň energiýa strategiýasyna aýratyn üns berildi. Dünýäde tassyklanan tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýan Türkmenistan energiýa öndüriji, üstaşyr we sarp ediji ýurtlaryň bähbitlerini göz öňünde tutup, eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny alyp barýar.

“Häzirki wagtda biziň ýurdumyz örän uly halkara taslamalaryň biri bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini (TOPH) amala aşyrýar. Bu gün TOPH-yň Owganystanyň çägindäki birinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar, ol «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýar. Bu taslama halkara derejede goldaw tapýar, şol sanda ABŞ tarapyndan hem goldanylýar. Ol Günorta Aziýa döwletleriniň artýan energetika isleglerini üpjün etmek babatda uly mümkinçiliklere eýedir, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň ösýän bazarlaryna çykmaga gowy mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem TOPH taslamasynyň syýasy durnuklylygyň, ykdysady abadançylygyň we maýa goýumlar babatda özüne çekijiligi bilen uly ähmiýete eýedir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Söhbetdeşlikde Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasynyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin açykdygyny aýratyn belledi we Türkmenistanyň amerikan hyzmatdaşlaryň hem oňa gatnaşmagyň mümkinçiliklerine hakyky baha berjekdigine umyt edýändigini nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bir döwürde türkmen tebigy gaz eksportynyň esasy böleginiň Russiýa, ýagny ýylda 40 milliard kub metre çenli gaz iberilendigini belledi. “Häzirki wagtda biziň gazymyzy esasy sarp ediji Hytaý bolup, onuň möçberleri takmynan şol derejededir. Şeýle hem ýurdumyz diwersifikasiýa syýasatyndan ugur alyp, sebitde “swap” arkaly Eýrana-da, Azerbaýjana-da, Gazagystana-da, Özbesgistana-da we beýleki gerek bolan ýurtlara iberip biler” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi.

Transhazar gaz geçirijisi tebigy gazy Hazar deňziniň düýbünden Azerbaýjana daşamak, soňra Günorta gaz geçelgesiniň gaz daşamak ulgamlaryna birikdirmek we Ýewropa bazarlaryna çykmak üçin meýilleşdirilen halkara infrastruktura taslamasydyr.

2022