Fewral III hepde: TDHÇMB-da $38 milliona golaý geleşik baglaşyldy

BT
Fewral III hepde: TDHÇMB-da $38 milliona golaý geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-däki söwdadan pursat

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) daşary ýurtly telekeçiler jemi bahasy 37 million 801 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan geleşik baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine bugdaý uny, aşgarlanmadyk matasy, erkek kişilere niýetlenilen lybaslar, nah ýüplük we pagta süýümi, dolanylyp gaplanylan pagta pamygy, portlandsement, buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. 

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 48 million 506 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we binýatlyk ýagyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), nah ýüplügi, bugdaý ununy satyn aldylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022