Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “BASF Group” konserniniň Şweýsariýa Konfederasiýasynda ýerleşýän “BASF Intertrade AG” kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Wiktor Nikitin bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, taraplar özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryny, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garap, işleriň häzirki ýagdaýlary barada durup geçdiler hem-de gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda taraplar tekliplerini beýan edip, olary öwrenmegiň ýakyn geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
“BASF” kompaniýasy Türkmenistanda sebitleýin taslamalara işjeň gatnaşýar. Kompaniýanyň gaz arassalaýjy enjamlary Gyýanlydaky täze gazhimiýa toplumy üçin saýlanyp alyndy. Zerur bolanda, kompaniýa tehniki goldawlaryny we maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirip biler. Duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada jikme-jik pikir alyşdylar.


















