Türkmenistan bilen MASEM Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak meselelerini maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen MASEM Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak meselelerini maslahatlaşdy
Amyderýa, Lebap welaýaty, Türkmenistan

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MASEM) Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow duşenbe güni “Amyderýa” basseýn suw hojalyk birleşiginiň direktory Aşyrmyrat Muhamedow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Amyderýanyň suw serişdelerini durnukly dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi habar berýär.

Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) hem-de Ýaşyl klimat gaznasynyň “Merkezi Aziýada durnukly landşaftlar we howa şertlerine uýgunlaşan ýaşaýyş serişdeleri: Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin serhetüsti çemeleşme” atly täze sebit maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde geçirildi.

Şeýle hem taraplar taýýarlanylýan taslamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini, şol sanda howa şertleriniň üýtgemegine uýgunlaşmak we Amyderýa basseýniniň çäklerinde döwletara utgaşdyrma meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak üçin jogapkär döwletara edara bolan “Amyderýa” basseýn suw hojalyk birleşiginiň işi barada maglumat berildi.

“Amyderýa” basseýn suw hojalyk birleşiginiň esasy wezipelerine suw serişdelerini paýlamak, suw alynmagynyň çäklerini gözegçilikde saklamak, derýa akymyny dolandyrmak, suwuň ulanylyşyna gözegçilik etmek, möwsümleýin çaklama we suw az bolan döwürlerde çäreleri utgaşdyrmak girýär.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar geljekki sebit taslamasyny taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС