Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
“Watan habarlary” gepleşiginiň duşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna medet beriji sözlerini beýan etdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg etdi.


















