Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýini hatyralady

BT
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýini hatyralady
Raşid Meredow Eýranyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda açylan gynanç kitabynda ýazgy galdyrýar, 2026-njy ýylyň 4-nji marty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de Eýranyň Beýik Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň hatyrasyna açylan gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Raşid Meredow bu ýerde Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi we bu agyr ýitgi sebäpli gynanç bildirdi.

Gynanç kitaby diňe ilçihanada däl, eýsem Aşgabatdaky Eýran medeniýet merkezinde hem açyldy. Bu kitap 4-nji martda açylyp, 10–15 günüň dowamynda elýeterli bolar.

Mundan ozal türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022