“Ak Işan” aramgähine tölegsiz awtobus gatnawlary ýola goýuldy

BT
“Ak Işan” aramgähine tölegsiz awtobus gatnawlary ýola goýuldy
Ýolagçy awtobus Halkara awtomenzilden çykyp barýar, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Ak Işan” aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin tälegsiz awtobus gatnawlary ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi çarşenbe güni habar berdi.

Haýyr-sahawat maksatly ýörite awtobus gatnawlaryny “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Sarwan” hususy kärhanasynyň goldawy bilen gurnady.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýörite awtobus gatnawy 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 26-njy apreli aralygynda, her hepdäniň dynç günleri zyýaratçylar üçin doly tölegsiz esasda amala aşyrylar.

Gatnaw tertibine görä, awtobuslar Aşgabat şäheriniň "Wokzal" awtoduralgasyndan sagat 08:00-da ugraýar we yzyna, “Ak Işan” aramgähinden paýtagta tarap sagat 15:00-da ýola düşýär.

Gatnawlar barada has giňişleýin maglumat almak isleýän raýatlar +99361-49-34-95, 44-35-20 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilerler. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС