Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Ak Işan” aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin tälegsiz awtobus gatnawlary ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi çarşenbe güni habar berdi.
Haýyr-sahawat maksatly ýörite awtobus gatnawlaryny “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Sarwan” hususy kärhanasynyň goldawy bilen gurnady.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýörite awtobus gatnawy 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 26-njy apreli aralygynda, her hepdäniň dynç günleri zyýaratçylar üçin doly tölegsiz esasda amala aşyrylar.
Gatnaw tertibine görä, awtobuslar Aşgabat şäheriniň "Wokzal" awtoduralgasyndan sagat 08:00-da ugraýar we yzyna, “Ak Işan” aramgähinden paýtagta tarap sagat 15:00-da ýola düşýär.
Gatnawlar barada has giňişleýin maglumat almak isleýän raýatlar +99361-49-34-95, 44-35-20 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilerler.



31379-495x4352.jpg)






31368-90x604.jpeg)






