“Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaýa, Jidda, Abu-Dabä howa gatnawlaryny aprele çenli togtatdy

BT
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaýa, Jidda, Abu-Dabä howa gatnawlaryny aprele çenli togtatdy
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary

“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat, Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat howa gatnawlaryny 2026-njy ýylyň 09-nji martyndan 01-nji aprela çenli togtatdy.

Awiakompaniýanyň duşenbe güni habar bermegine görä, ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylara awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmaklyk maslahat berilýär.

Şeýle hem awiakompaniýanyň web sahypasynda we online platformalarynda satyn alynan awiabiletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtaryljakdygy barada habar berilýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Jidda:

• Telefon belgisi:

+90 545 575 15 83

• Elektron salgy: ops@favorite-ias.com

Dubai şäheri:

• Telefon belgisi:

+971 50 280 05 08

• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com

Türkmenistan:

• Telefon belgileri:

+993 12 39-17-78,

23-03-15,

23-03-18

• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm

 

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС