Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguru Lissabon şäherindäki Ažuda Milli köşgünde duşenbe güni geçirilen resmi kabul edişligiň dowamynda Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Maksat Çaryýew bilen geçiren gysga söhbetdeşliginde geljekde Türkmenistana sapar bilen gelmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Maksat Çaryýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Antoniu Žoze Seguruny prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlap, ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Şol gün türkmen ilçisi Portugaliýa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Segurunyň wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen resmi dabara gatnaşdy.
Ýurduň täze saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara Portugaliýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň, hökümet agzalarynyň, parlament deputatlarynyň, şeýle hem ýokary derejeli daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Respublika Assambleýasynyň mejlisler zalynda geçirildi.

















