Moskwanyň ýokary okuw jaýynda türkmen dilini öwretmeklik meýilleşdirilýär

BT
Moskwanyň ýokary okuw jaýynda türkmen dilini öwretmeklik meýilleşdirilýär
Serdar Durdyýewiň Irina Kraýewa bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 6-njy marty, Moskwa, Russiýa (Surat: Moskwa Döwlet Lingwistik Uniwersiteti)

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýew bilen Moskwa Döwlet Lingwistik Uniwersitetiniň rektory Irina Kraýewanyň arasynda anna güni Moskwa şäherinde geçiren duşuşygyň dowamynda uniwersitetda türkmen dilini açmaklygyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Şeýle hem duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) başlyklyk edýän ýylynda uniwersitetde türkmen dili we medeniýeti merkezini döretmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bilelikdäki bilim we medeni taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem Moskwa Döwlet Lingwistik Uniwersitetiniň GDA agza döwletleriniň dilleri we medeniýeti boýunça esasy gurama hökmünde alyp barýan işleriniň çäginde hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Moskwa Döwlet Lingwistik Uniwersiteti 1930-njy ýylda esaslandyrylyp, bu ýerde 40 sany daşary ýurt dili okadylýar we öwrenilýän dilleriň ýurtlarynyň medeniýeti boýunça köp sanly merkezler hereket edýär.

2022