Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi web-sahypasynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-a başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy çap edildi.
Konsepsiýa bäş sany esasy ugry, ýagny parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýeti we ulag baglanyşyklaryny ösdürmek, sanly özgertmeleri, ekologik gün tertibini we ynsanperwer hyzmatdaşlygy kesgitleýär. Şeýle hem syýasy ugurda sebitleýin durnuklylygy pugtalandyrmak we GDA ýurtlarynyň arasynda diplomatik dialogy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Konsepsiýada bellenilişi ýaly, ykdysady ugur “Demirgazyk–Günorta” we “Gündogar–Günbatar” ulag geçelgelerini ösdürmegi, energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegi hem-de söwdany we maýa goýumlary höweslendirmegi öz içine alýar.
Ekologik gün tertibi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatda bilelikdäki taslamalary ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň dowamynda 25 sany esasy çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär we olaryň ýedisi Türkmenistanda geçiriler. Şolaryň hatarynda maý aýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, sentýabrda Ykdysady Geňeşiň mejlisi, 9-njy oktýabrda Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri, şeýle hem Aşgabatda Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň mejlisi geçiriler.
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-a başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň doly teksti bilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi web-sahypasynda tanşyp bolýar.

















