Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2026-njy ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 100 milliard 048,06 million manada ýetdi. 2025-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 90 milliard 540,48 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2026-njy ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 48 milliard 518 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň degişli senesine çenli bu görkeziji 50 milliard 380 million manady düzdi.
Şeýle hem, 2026-njy ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 20 milliard 194 million manada barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 14 milliard 802 million manada ýetdi.
Hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 31 milliard 336 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 25 milliard 359 million manada ýetdi.

















