Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýanyň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýanyň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady
Portugaliýa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguru (Surat: Pedro Nunes / Reuters)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Antoniu Žoze Seguruwa Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Portugaliýanyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şu ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Maksat Çaryýew Portugaliýa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Segurunyň wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen resmi dabara gatnaşdy.

Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguru Lissabon şäherindäki Ažuda Milli köşgünde geçirilen resmi kabul edişligiň dowamynda Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Pariž şäheri) ilçisi Maksat Çaryýew bilen geçiren gysga söhbetdeşliginde geljekde Türkmenistana sapar bilen gelmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022