Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Öwezgeldi Jumanazarow we Stambulyň häkimi Dawut Gül 2026-njy ýylyň 11-nji martynda geçirilen duşuşykda dostluk, hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen ilçisi bilen Stambulyň häkiminiň arasyndaky duşuşyk Türkiýäniň Stambul welaýat häkimliginiň binasynda geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Şeýle hem 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça pikir alşyldy.

















