Türkmenistan bilen Gazagystan sebitdäki üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge taýýardygyny tassyklady

BT
Türkmenistan bilen Gazagystan sebitdäki üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge taýýardygyny tassyklady
Batyr Annaýew bilen Nurlan Nogaýewiň arasynda gecirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 13-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistan bilen Gazagystan sebitdäki üstaşyr mümkinçiliklerini pugtalandyrmak hem-de tutuş sebit üçin gülläp ösüş şertlerini döretmek maksady bilen täze ugurlar boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň anna güni habar bermegine görä, bu barada Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýewiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew hem-de Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministri Hangeldi Kerimow bilen geçiren duşuşyklarynda mälim edildi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda durnukly ösüşi üpjün etmek we işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ygtybarly esas hökmünde garalýan bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygy tassyklandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022