Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer

BT
Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkmenistan Owga­nystana ynsanperwerli­k kömegini iberýär, 2020-nji ýylyň 2-nji maýy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda bolsa çagalaryna dost-doganlyk gatnaşyklaryň nyşany hökmünde derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden hem-de beýleki önümlerden ybarat ynsanperwer kömegini ibermek hakynda Buýryga gol çekdi.

“Watan habarlary” gepleşiginiň anna güni habar bermegine görä, resminamada Eýrana ynsanperwer ýüküň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan iberilmegi bellenildi.

Bu resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalaryň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem Oraza aýy we Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli kabul edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş kesilen raýatlaryň ýetip gelýän Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022