Geçen ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýlan maýa goýumlarynyň möçberi 12,8 milliard ABŞ dollaryndan geçip, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende alty göterim artdy. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew çarşenbe güni Aşgabatda öz işine başlan “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2026) atly halkara forumynyň dowamynda habar berdi.
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň aýtmagyna görä, umumy möçberde daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy artmagyny dowam etdirýär. Nebitgaz pudagy, nebit-gaz we himiýa, energetika, gurluşyk we agro-senagat toplumy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup galýar.
Geçen ýylyň jemleri boýunça inflýasiýa 3,2 göterime barabar boldy. Daşary söwda dolanyşygy 21,8 milliard ABŞ dollaryna ýetip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 10,3 göterim artdy. Importyň 1,4 esse ýokarlanmagy önümçilik-tehniki maksatly önümleriň satyn alyşlarynyň artmagy bilen baglydyr.
Jemi içerki önüm 77,4 milliard ABŞ dollaryndan geçip, ykdysady ösüşiň depgini 6,3 göterime deň boldy.
Perhat Ýagşyýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) goşulmak işini dowam etdirýär. Daşary söwda düzgünleri boýunça Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy, guramanyň kadalaryny we düzgünlerini tapgyrlaýyn ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu işler ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda tarif syýasatynyň iň amatly şertlerini kesgitlemek maksady bilen BSG-nyň Sekretariaty we halkara institutlar bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

















