Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Pekinde hytaýly kärdeşi Wan I bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Hytaý tarapyndan öňe sürlen dört ählumumy başlangyjy goldaýandygyny habar berdi.
Şeýle hem türkmen tarapy “Hytaý — Merkezi Aziýa” üçünji sammitine taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Bu barada “Sinxua” agentligi habar berýär.

Wan I iki halkyň arasyndaky dostlukly däpleri pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi we hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Hytaýyň daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň arasynda ýokary derejedäki özara ynam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösüşi üçin berk strategik binýady döredýär.
Gepleşikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowynyň Hytaýa amala aşyrýan dosluk saparynyň çäginde geçirildi.

















