Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde “Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, “Equuleus” halkara atçylyk toplumynyň wekilleri mähirli garşyladylar we hytaý tarapynyň wekilleri türkmen halkynyň Milli Liderini toplum bilen tanyşdyrdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow toplumda atlaryň çykyşlaryna tomaşa etdi we ahalteke atlaryny synlady. Toplumyň hünärmenleri Hytaýda ahalteke tohum atlaryny idetmek işiniň türkmen seýisçilik däplerini we usullaryny utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny bellediler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň dolandyryş binasynda ýaýbaňlandyrylan sungat eserleriniň sergisini synlady. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ahalteke atlary barada gürrüň berdi we ýurtda ahalteke atlary bilen bir hatarda, türkmen alabaýlarynyň hem ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns berilýändigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow alabaýlaryň beden gurluşy, güýç-kuwwaty bilen tapawutlanýandygyny we isleg bildirýänleriň Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna agza bolup biljekdiklerini aýdyp, hytaý tarapyny Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan aprel aýynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurda sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.

















