Türkmenistan we ABŞ hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we ABŞ hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Raşid Meredowyň Elizabet Rud bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 23-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 23-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, diplomatlar şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň netijelerine aýratyn ünsi çekdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, şeýle-de “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-a saparynyň dowamynda “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýu berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022