Hindistan we Merkezi Aziýa ýurtlary söwda ugurlaryny giňeltmegi maslahatlaşdylar

BT
Hindistan we Merkezi Aziýa ýurtlary söwda ugurlaryny giňeltmegi maslahatlaşdylar
“Hindistan – Merkezi Aziýa: köpugurly dünýäde özara baglanyşyk, howpsuzlyk we durnukly hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat, 2026-njy ýylyň 25-26-njy marty, Nýu-Deli

Hindistan we Merkezi Aziýa ýurtlary — Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan “Hindistan–Merkezi Aziýa” gaznasy tarapyndan guralan “Hindistan – Merkezi Aziýa: köpugurly dünýäde özara baglanyşyk, howpsuzlyk we durnukly hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň dowamynda söwda ugurlaryny giňeltmegi hem-de ulag arabaglanyşygyny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Dunyo” agentligi anna güni habar berdi.

Maslahata gatnaşyjylar ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek we sebitleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň bilermenlerini, ylmy edaralarynyň işgärlerini hem-de diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini bir ýere jemledi.

Maslahatyň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmek hem-de energetika, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС