Hindistan we Merkezi Aziýa ýurtlary — Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan “Hindistan–Merkezi Aziýa” gaznasy tarapyndan guralan “Hindistan – Merkezi Aziýa: köpugurly dünýäde özara baglanyşyk, howpsuzlyk we durnukly hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň dowamynda söwda ugurlaryny giňeltmegi hem-de ulag arabaglanyşygyny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Dunyo” agentligi anna güni habar berdi.
Maslahata gatnaşyjylar ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek we sebitleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.
Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň bilermenlerini, ylmy edaralarynyň işgärlerini hem-de diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini bir ýere jemledi.
Maslahatyň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmek hem-de energetika, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

















