Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk, intellektual eýeçilik boýunça Kararlara gol çekdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk, intellektual eýeçilik boýunça Kararlara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde oba hojalyk pudagyna we intellektual eýeçilik ulgamyna degişli Kararlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk pudagyna degişli gol çeken resminamasyna laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine bu welaýatlaryň degişli etraplarynda önümçiligi hem-de ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň innowasion ykdysady ösüşinde intellektual eýeçilik ulgamynyň ähmiýetini has-da artdyrmak, milli intellektual eýeçilik ulgamynyň hukuk binýadyny halkara standartlara laýyklykda kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklarynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Karara gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” hem-de şu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Mundan başga-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna konsepsiýada we meýilnamada bellenen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

2022