Türkmenistan we ABŞ maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we ABŞ maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maslahatlaşdylar
Türkmen-amerikan işewürlik forumy, 2025-nji ýylyň 6-njy noýabry, Waşington, ABŞ (Surat: Türkmenistanyň ABŞ-daky Iliçihanasy)

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, geçen ýylyň netijeleri boýunça bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini we amaly gatnaşyklaryň giňeldilýändigini görkezýän oňyn netijeleriň gazanylandygy bellenildi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler dürli derejelerde yzygiderli we mazmunly gepleşikleri alyp barmagyň möhümdigini nygtadylar hem-de agzalan ugurda hereket edýän hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň ýokary netijeliligini bellediler. Hususan-da, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň işiniň, şol sanda onuň her ýyl geçirilýän mejlisleriniň netijeliligi aýratyn nygtaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gün tertibiniň uly mümkinçiliklere eýedigini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin şol mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň, şeýle hem durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek we özara söwda dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

2022