“Begşaha” “Mährem” haryt nyşanly ştapelleriň aýda 50 müň metrini dokaýar

BT
“Begşaha” “Mährem” haryt nyşanly ştapelleriň aýda 50 müň metrini dokaýar
“Begşaha” hususy kärhanasynda öndürilýän ştapel matalaryň görnüşleri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Begşaha” hususy kärhanasy her aý zenanlar üçin niýetlenen “Mährem” haryt nyşanly ştapel matalaryň 50 müň metrini dokaýar. Bu barada duşenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetinde habar berilýär.

Kärhanada ştapel matalaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hususy kärhanada 7 görnüşli önümçilik alnyp barlyp, ştapeliň geýimlik matalarynyň 4 nusgasy, ştapel ýaglyklarynyň 3 görnüşi hödürlenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, “Begşaha” hususy kärhanasyna ornaşdyrylan Italiýanyň, Türkiýäniň we Hytaýyň öňdebaryjy enjamlary işleriň awtomatlaşdyrylan usulda ýola goýulmagyna we ştapel matalaryny dürli görnüşde öndürmäge mümkinçilik döredýär.

Häzirki wagtda kärhanada tejribeli hünärmenleriň 140-a golaýy zähmet çekýär. Kärhananyň degişli hünärmenleri ekologiýa taýdan arassa matalaryň dürli güller we reňkler bilen bezelen täze nusgalaryny taýýarlaýarlar. Taýýar bolan bezeg nusgalary gysga wagtyň dowamynda önümçilige ornaşdyrylýar.

Hususy kärhananyň ýöriteleşdirilen tikinçilik bölümi bolsa dürli görnüşli matalary hem-de bu ýerde öndürilýän ýaglyklary kesmek hem-de tikmek işlerini utgaşdyrýar. Kärhananyň önümleri ýurduň ähli söwda nokatlarynda diýen ýaly halka hödürlenilýär.

2022
ENG TM РУС