Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
“Nowruz baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn” diýip, Donald Tramp gutlag hatynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Nowruz baýramynyň, amerikan topragynda bolşy ýaly, bütin dünýäde hem parahatçylygyň dabaralanmagyny alamatlandyrýandygyny nygtap, şu ýylyň hem köp sanly asylly işlere baý bolmagyny dileg etdi.
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna girizilen Nowruz baýramy Bahar paslynyň gelendigini we tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýar.

















