Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we portuň ýolbaşçy düzümi Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň başlygy Şarlotta Adrianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen 2026-njy ýylyň 27-nji martynda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we bu ugurda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň strategiki ornuny has-da berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň habar bermegine görä, türkmen tarapy ýurda gelen wekilýeti portuň häzirki zaman kuwwatlyklary, ýük dolanyşygynyň ugurlary we portda ornaşdyrylan Ýewropa önümi bolan häzirki zaman enjamlary bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda alnyp barylýan taslamalar, täze gämi gurluşygy boýunça yglan edilen halkara bäsleşikler hem-de Türkmenistanyň Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) gatnawlary ýeňilleşdirmek baradaky (FAL) konwensiýasyna goşulmak ugrundaky yzygiderli ädimleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Mundan başga-da türkmen tarapy gämi ýüzüş kanallarynyň çuňlugyny saklamak maksady bilen, täze deňiz düýbüni çuňaldyjy gämileriň satyn alnandygyny we bu görnüşli gämileriň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyň özünde hem gurulýandygyny aýratyn nygtady.
ÝB-niň wekili Şarlotta Adrian Türkmenbaşy portunyň halkara ulag koridorlarynyň çatrygyndaky strategiki ähmiýetine ýokary baha berip, ýük akymyny has-da artdyrmak üçin portda iş alyp barýan ähli gulluklaryň sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny belledi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Türkmenistanyň deňiz kenaryndaky iň esasy ýük we ýolagçy menzilidir. Ol Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşip, adaty gatnawlar Azerbaýjanyň Baku şäherine, Gazagystanyň Aktau şäherine we Russiýanyň Astrahan şäherine barýar.

















