“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýerli auditorçylyk, konsalting guramalaryna akkreditasiýa açýar

BT
“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýerli auditorçylyk, konsalting guramalaryna akkreditasiýa açýar
“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 32-nji jaýynyň (Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň binasy) 5-nji gatynda ýerleşýär.

“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti karzlaşdyrmak we maýa goýum maliýeleşdirmesi boýunça taslamalara gatnaşmak üçin ýerli auditorçylyk we konsalting guramalarynyň akkreditasiýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Bu barada kompaniýanyň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Akkreditasiýa prosesi karz alyjylary toplumlaýyn barlagdan (Due Diligence) geçirmek arkaly amala aşyrylýar. Toplumlaýyn barlag bolsa karz alyjylaryň maliýe we hukuk ýagdaýyny bahalandyrmagy, olaryň soňky üç ýyldaky maliýe hasabatlarynyň halkara maliýe hasabatlylyk standartlarynyň (IFRS) formatyna geçirilmegini we garaşsyz bilermenler tarapyndan olaryň girewleriniň bahalandyrylmagyny öz içine alýar.

Häzirki wagtda şeýle hyzmatlar esasan halkara kompaniýalar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ýerli telekeçiligi goldamak we karz alyjylaryň çykdajylaryny optimizirlemek maksady bilen kompaniýanyň gözegçilik geňeşi ýerli hünärmenleri akkreditirlemek mümkinçiligine garaýar.

Akkreditirlenen guramalaryň sanawyna girmek üçin kompaniýa özüniň iş tejribesini we hünärmenleriň başarnyklaryny beýan edýän tanyşdyrylyşy, maliýe hasabatlaryny özgertmek we “Due Diligence” barlagyny geçirmek boýunça ýerine ýetirilen taslamalaryň sanawyny, esasy müşderilerden ýa-da maliýe edaralaryndan (eger bar bolsa) teklip hatlaryny hödürlemek zerurdyr.

Resminamalar 2026-njy ýylyň 15-nji apreline çenli iňlis we rus dillerinde turkmeninvest@sanly.tm we balysovezov@gmail.com elektron salgylarynda kabul edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022