Türkmenistan bilen Belarus ulag-logistika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

BT
Türkmenistan bilen Belarus ulag-logistika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
Batyr Annaýewiň Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 31-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Annaýew sişenbe güni Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy. Taraplar ulag-logistika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlary, şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk meselelerini hem maslahatlaşdylar.

Mundan ozal Türkmenistan bilen Belarus Respublikasy Aşgabat bilen Minskiň arasynda göni howa gatnawlaryny gaýtadan ýola goýmagyň mümkinçiliklerine hem garadylar.

2022