“Muroosystems Corporation” kompaniýasy Türkmenistan bilen bilelikde maglumat merkezlerini döretmekçi

BT
“Muroosystems Corporation” kompaniýasy Türkmenistan bilen bilelikde maglumat merkezlerini döretmekçi
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen “Muroosystems Corporation” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ž.Panyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 31-nji marty

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Ýaponiýanyň “Muroosystems Corporation” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ž. Panyň arasynda 2026-njy ýylyň 31-nji martynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen “Muroosystems Corporation” kompaniýasynyň arasynda maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň habar bermegine görä, ylalaşyk sanly düzüm ulgamynda halkara standartlaryna laýyklykda we döwrebap tehnologik çözgütleri ulanmak arkaly, ýurduň çäginde täze data-merkezlerini gurmak boýunça bilelikdäki işleri göz öňünde tutýar.

Taraplar desgalaryň taslamasyny düzmek hem-de ulanyşa bermek tapgyrlarynda innowasion çemeleşmeleri ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi ýurduň IT-düzümini berkitmäge, maglumatlary saklamak we işläp taýýarlamak üçin kuwwatlyklary giňeltmäge, şeýle hem ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri bilen Ýaponiýanyň “Muroosystems Corporation” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň arasyndaky duşuşyk Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022