Türkmen kompaniýalary Özbegistanda geçirilýän “UzFood 2026” sergisine gatnaşýarlar

BT
Türkmen kompaniýalary Özbegistanda geçirilýän “UzFood 2026” sergisine gatnaşýarlar
“UzFood 2026” halkara sergisi, 2026-njy ýylyň 1-nji apreli, Daşkent, Özbegistan (Surat: "UzFood")

Türkmenistanda süýji önümleri öndürýän “Hasar” kompaniýasy we agyz suwlaryny hem-de gazly alkogolsyz içgileri öndürýän “Arçalyk” kompaniýasy öz önümleri bilen 1-3-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän “UzFood 2026” halkara sergisine gatnaşýarlar. Bu barada serginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

“UzFood” halkara sergisi azyk senagaty we iýmit önümleri ulgamynda möhüm çäreleriň biri bolup durýar. Her ýyl sergä Özbegistanyň hem-de dünýäniň azyk bazarlarynyň önüm öndürijileri, üpjün edijileri we distribýutorlary gatnaşýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, sergä gelýän myhmanlaryň arasynda döwlet edaralarynyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň wekilleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hünärmenleri, azyk we içgi önümleriniň öndürijileri we distribýutorlar, iýmit goşundylaryny öndürijiler, enjamlar we gaplama çözgütlerini üpjün edijiler, “HoReCa” pudagynyň we söwda torlarynyň wekilleri bar.

“UzFood” işewürlik maksatlaryny gysga wagtda çözmäge mümkinçilik berýän işewürlik platformasy hökmünde çykyş edýär. Serginiň maksatnamasyna laýyklykda önüm öndürijiler bilen satyn alyjylaryň we distribýutorlaryň arasynda duşuşyklary, şeýle hem forumlary, seminarlary we ussatlyk sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

2025-nji ýylda sergä 38 ýurtdan we Özbegistanyň 13 sebitinden 11 müň 154 adam gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС