NASA ýarym asyrdan soň ilkinji gezek astronawtlary Aýa ugratdy

BT
NASA ýarym asyrdan soň ilkinji gezek astronawtlary Aýa ugratdy
Kanaweraldaky Kennedi adyndaky kosmos merkezinden "Artemis 2" synag uçuşynyň amala aşyrylýan pursady, 2026-njy ýylyň 1-nji apreli, Florida ştaty, ABŞ (Surat: NASA)

ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edarasy (NASA) 1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dört astronawty Aýa ugradyp, “Artemis-2” atly synag uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada NASA habar berýär.

Raketa 1-nji aprelde Kennedi adyndaky kosmos merkezinden uçuryldy. Uçuş takmynan 10 gün dowam eder we ekipaž Aýyň daşyndan oňa gonmazdan aýlanyp, Ýere dolanyp geler.

Habarda bellenilişi ýaly, ekipažyň düzümine Rid Uayzman, Wiktor Glower, Kristina Koh hem-de Kanadanyň Kosmos Agentliginiň wekili Jeremi Hansen girýär.

Bu sapar “Apollo” maksatnamasy döwründen bäri aýa amala aşyrylan ilkinji synag uçuşy boldy. Gäminiň synag uçuşlary üçin rekord dereje bolan uzak aralyk bilen ýerden daşlaşmagyna garaşylýar.

“Artemis-2” – “Artemis” maksatnamasynyň esasy tapgyrlarynyň biri bolup, bu maksatnama ýakyn ýyllarda adamyň Aýa gaýtadan iberilmegini göz öňünde tutýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022