Türkmenistan we Özbegistan ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Özbegistan ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny maslahatlaşdylar
Ýük awtoulaglary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Annaýew Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda ulag, logistika we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Dunyo” agentliginiň penşenbe güni habar bermegine görä, taraplar soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň durnukly ösýändigini bellediler.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar ulag infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we ýük daşaýjylar üçin amatly şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Taraplar ulag-üstaşyr, logistika we aragatnaşyk ulgamlarynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmän, eýsem sebitleýin ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygyny we netijeliligini ýokarlandyrjakdygyny nygtadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022