“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Resul Myradow duşenbe güni Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşdy. Taraplar himiýa senagatynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň serişdelerini hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny birleşdirmek arkaly täze maýa goýum taslamalarynyň işe girizilmeginiň möhümdigini bellediler.
“Dunyo” agentliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we toplanan mümkinçilikleri bilelikde peýdalanmagyň ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň çäginde ýokary islege eýe bolan himiýa önümleriniň özara iberilmegi boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada hem ylalaşyk gazandylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar yzygiderli gepleşikleri dowam etdirmek we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary amaly taýdan durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmek barada ylalaşdylar.

















