Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Neda Bergeriň arasynda geçirilen duşuşyk, 2022-nji ýylyň 30-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde penşenbe güni Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Bu barada “Watan habarlar” gepleşiginde habar berildi.

Neda Berger türkmen halkynyň Milli Liderine duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Neda Bergeriň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygy nygtaldy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň goldawy bilen döredilen “Galkynyş” Türkmen-Awstriýa simfoniki orkestriniň işine aýratyn üns çekildi. Neda Berger bu orkestriň Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän özboluşly sungat köprüsi bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna sapary dowam edýär.

2022
ENG TM РУС