Türkmen ilçisi ABŞ-nyň Döwlet protokolynyň başlygyna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

BT
Türkmen ilçisi ABŞ-nyň Döwlet protokolynyň başlygyna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy
Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew Monika Kraula ynanç hatyny gowşurýar, 2026-njy ýylyň 9-njy apreli, Waşington, ABŞ (Surat: Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (ABŞ) ilçisi Esen Aýdogdyýew penşenbe güni Waşington şäherinde ýerleşýän Blair House (Bler Haus) Prezidentiň myhmanhanasynda geçirilen resmi dabarada ABŞ-nyň Döwlet protokolynyň başlygy Monika Kraula ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy habar berdi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň bellemegine görä, bu çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri, şol sanda Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary jenap Jon Pommerşaým hem gatnaşdy.

Dabaradan soň amerikan tarapy ýurtda täze bellenen diplomatlaryň hormatyna resmi kabul edişlik çäresini gurady.

Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alşyldy.

2022
ENG TM РУС