"Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy üsti arkaly şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda amala aşyrylan söwdanyň netijesinde Özbegistana 1 müň 700 tonnadan gowrak haryt eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet Gümrükgullugynyň resmi metbugaty habar berýär.
Şeýle-de türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda 60 müňe golaý Özbegistanyň raýatynyň söwda amala aşyrandygy hasaba alyndy.
Mundan başga-da, degişli döwürde “Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyndan Türkmenistana 250 tonnadan gowrak haryt import edildi.
“Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy 2025-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizildi. Bu serhetýaka söwda zolagynyň üsti bilen amala aşyrylýan söwda dolanyşygy ähli gümrük paçlaryndan we beýleki töleglerden boşadylýar.

















