Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçiriler

BT
Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçiriler
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Wise-premýer, daşary işler ministri Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlara degişli birnäçe meselelere seretmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisde ileri tutulýan Hytaý — Türkmenistan — Hazar deňzi — Ýewropa we Türkmenistan — Hytaý — Günorta we Gündogar Aziýa — Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri ugurlary boýunça ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Raşid Meredow hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleriniň esasynda degişli Teswirnama gol çekmek meýilleşdirilýändigini we häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, birnäçe resminama taýýarlanylýandygyny mälim etdi. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolandygyny, şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022
ENG TM РУС