Gurbanguly Berdimuhamedow Wena forumynda energetika, howa boýunça başlangyçlary öňe sürdi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Wena forumynda energetika, howa boýunça başlangyçlary öňe sürdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda çykyş edýär, 2026-njy ýylyň 9-njy apreli, Wena, Awstriýa (Surat: UNIDO)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda çykyş edip, energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly we öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe anyk çäreleri teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Teklipleriň hatarynda — Ählumumy energetika howpsuzlygy strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň howandarlygynda “Energetika kodeksini” döretmek, şeýle hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça umumy halkara-hukuk resminamasyny taýýarlamak bar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 10 ýyllyk döwür üçin Wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy maksatnamany döretmek başlangyjyny hem teklip etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, şol sanda gün we ýel energiýasy ugurlaryndaky taslamalary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn geljekde Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işläp başlajakdygyny hem belledi.

Wenna saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, UNIDO-nyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, şeýle hem MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy.

2022
ENG TM РУС