“Syýahatçy” kompaniýasy Belarus Respublikasynyň “Belavia” awiakompaniýasynyň awiabiletlaryny göni onlaýn satyn almaga mümkinçilik berýän sanly platforma bilen tanyşdyrdy. Täzelenen “TurkmenTourist” mobil goşundysy barada kompaniýanyň wekili çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisiniň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.
Täze çözgüt ulanyjylara kassalara barmazdan ýa-da araçylara ýüz tutmazdan, Minskden geçýän üstaşyr ugurlar bilen birlikde “Belavia” awiakompaniýasynyň biletlerini özbaşdak resmileşdirmäge mümkinçilik berýär.
Goşundynyň içinde “Türkmenhowaýollary” milli awiakompaniýasynyň hem-de belarus awiakompaniýasynyň hyzmatlarynyň integrasiýasy edilmegi biletleri öňünden satyn almak üçin bitewi sanly giňişligi döredýär. Ulanyjylar bir interfeýsde ugurlary saýlap, biletleri satyn alyp we saparlaryny dolandyryp bilýärler.
Goşundy “Türkmenhowaýollary” agentliginiň biletleri satyn alnanda “Altyn Asyr” we beýleki ýerli bank kartlary arkaly, “Belavia” awiakompaniýasynyň biletleri üçin bolsa “MasterCard” we “Visa” halkara töleg ulgamlary arkaly töleg geçirmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem platforma dünýä boýunça myhmanhanalary öňünden bellik etmek, şahsy gezelençleri guramak we wiza goldawyny bermek ýaly hyzmatlary hödürleýär. Mundan başga-da, platformada lukmançylyk syýahatçylygy we ýolbeletleriň hyzmaty elýeterlidir.
Ulanyjylar “TurkmenTourist” mobil goşundysyny “Google Play” we “App Store” arkaly ýükläp alyp bilerler.

















