Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň arasyndaky duşuşyk, 2026-njy ýylyň 16-njy apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Hytaý bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň döwlet Baştutany HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

“Biz Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berýäris. Bu ugurdaky üstünlikler ýokary derejede syýasy dialogyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we geçen ýyl Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparyny, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda bu ýurda amala aşyran dostluk saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler we “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde binýat bolup çykyş edýändigini aýtdylar.

Duşyşygyň dowamynda taraplar türkmen we hytaý halklaryny köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň, medeni-taryhy umumylygyň, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtap, umumy taryhy mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we medeni gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň umumy abadançylygyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС