Türkmenistan bilen MAGATE 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlaýar

BT
Türkmenistan bilen MAGATE 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlaýar
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rafael Grossiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 10-njy apreli, Wena, Awstriýa (Surat: Rafael Grossiniň sosial ulgamy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek täze Çarçuwaly ýurt maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Taraplar bu resminamanyň tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejekdigini, şol sanda ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şeýle hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat boljakdygyny bellediler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň atom energiýasyny diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ugruna yzygiderli eýerýändigini hem-de radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň halkara mehanizmlerine işjeň gatnaşýandygyny tassyklady.

Duşuşykda saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. MAGATE-niň goldawy bilen Türkmenistanda häzirki zaman anyklaýyş we bejeriş usullary ornaşdyrylýar, halkara bilermenleriň maslahatlary bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we keseller bilen göreş ulgamyny kämilleşdirmäge ýardam berýär diýip, habarda bellenilýär.

Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gol çekilmeginiň we ýurdumyzyň Agentlige agza bolmagynyň şanly seneleri bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda ýokary derejedäki sebit forumyny guramagy teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen MAGATE-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu hyzmatdaşlygyň parahatçylygyň, ösüşiň hem-de geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigini nygtadylar.

2022
ENG TM РУС