Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk maslahaty geçirildi.
“Syýahatçylyk medeniýetleriň köprüsi: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk” ady bilen geçirilen plenar mejlisde Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan, Gyrgyz Respublikasynyň Syýahatçylyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Erdenet Kasymow, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Syýahatçylyk Agentliginiň aparatynyň başlygy Kyanan Firowsi ogly Aliýew, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň başlygy Muhammetdurdy Mamedow çykyş etdiler.
Türkmenistanyň medeniýet ministri öz çykyşynda ýurtda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini aýtdy we Türkmenistany görmäne gelýen jahankeşdeleriň sanynyň köpelýändigini nygtady. Atageldi Şamyradow ýurda syýahat etmäne gelýän syýahatçylaryň esasy böleginiň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Germaniýadan, Russiýadan, Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan, Awstraliýadandygyny belledi.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda “Sebitiň umumy mirasy: Merkezi Aziýanyň medeniýetini dünýä derejesinde nähili wagt etmeli” atly plenar mejlis geçirildi we onuň dowamynda biirnäçe resmiler çykyş etdiler.
Aşgabat şäherinde sişenbe güni öz işine başlan “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty 16-njy aprele çenli dowam eder. Mundan başga-da çäräniň maksatnamasynda sergi ekspozisiýasy bilen birlikde B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

















