“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew penşenbe güni Aşgabatda Gazagystanyň milli kompaniýasy bolan “QazaqGaz” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň başlygy Alibek Žamauow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
“QazaqGaz” kompaniýasynyň habar bermegine görä, taraplar gaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hem-de bilelikdäki başlangyçlaryň geljekde ösdürilmegi üçin mümkinçiliklere garadylar.
Şol bir wagtyň özünde, “Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly” atly ylmy-amaly maslahatyň çäginde “QazaqGaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy CNPC kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan hem-de Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Rowşan Najaf bilen iş duşuşyklaryny geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda pudagara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň resmileriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gaz pudagynyň ösüş mümkinçiliklerini, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini, şeýle hem durnukly energetika ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

















